Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senat “ABŞ Patriot Aktyny” uzaltmady


“ABŞ Patriot Akty” programmasy Milli Howpsuzlyk Agentliginiň ozalky işgäri Edward Snowden tarapyndan aýan edilipdi.
“ABŞ Patriot Akty” programmasy Milli Howpsuzlyk Agentliginiň ozalky işgäri Edward Snowden tarapyndan aýan edilipdi.

ABŞ-nyň Senaty “ABŞ Patriot Akty” atly programmanyň uzaldylmagyny göz öňünde tutýän taslamany inkär etdi. Bu programmanyň çäginde Milli Howpsuzlyk Agentligi (NSA) amerikalylaryň telefon gepleşikleriniň aglabasynyň ýazgysyny toplap bilýärdi.

Senatdaky sesleriň gatnaşygy 54-45 bolup, gürüňi gidýän çäreleriň möhletini ýene-de 2 aý uzaltmak üçin gerekli bolan 60 sesi almak başartmady.

Möhleti 1-nji iýunda tamamlanýan bu programmanyň geljekki ykbaly nämälim bolmagyna galýar.

Bu dawaly programma mundan iki ýyl ozal Milli Howpsuzlyk Agentliginiň ozalky işgäri Edward Snowden tarapyndan aýan edilipdi. Snowden häzir Russiýada ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG