Sepleriň elýeterliligi

AÝ/AR-nyň Baku býurosy ýapyldy


Azeri häkimiýetler iAzatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosyny möhürlediler

Azeri häkimiýetler iAzatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosyny möhürlediler

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy özüniň Bakuwdaky býurosyny ýapdy. Bu azeri häkimiýetleriniň daşary ýurtly guramalara garşy alyp barýan kampaniýasynyň çäginde, geçen ýylyň dekabrynda Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň möhürlenmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Pežiç azeri resmileriniň “bikanun we ýörite matlap” bilen hereket edendiklerini aýtdy.

Pežiç kompaniýanyň işgärlerini hökümetiň çärelerinden goramak üçin ähli gerekli bolan ädimleri ätmäge taýýardygyny hem ýaňzatdy.

Azeri häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosyna reýd geçirip, göz öňünde tutulan proseduralary doly berjaý etmän, Kompaniýanyň resminamalaryny we serişdelerini konfeskasiýa edipdi.

Emma, ýerli ilat arasynda Radio Azadlik diýlip bilinýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy Azerbaýjan barada maglumat bermegini dowam etdirýär. Onuň býurosynyň ýapylmagyna garamazdan, gulluk digital we satellit serişdeleri arkaly efire gitmegini dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG