Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýran taslamasyna gol goýdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Senatyň Eýran bilen baglaşyljak islendik halkara ýadro ylalaşygy boýunça öz pikirini beýan etmegine mümkinçilik berýän taslama gol goýdy.

Şu aýyň başynda gürrüňi gidýän taslama ýurduň Wekiller öýi we Senaty tarapyndan kabul edilipdi.

Bu taslama laýyklykda, Senat Eýranyň ýadro hereketlerini azaldyp, munuň öwezine hem halkara sanksiýalaryň gowşadylmagy baradaky ylalaşyk barada öz pikirini aýdyp, ony ret hem edip bilýär.

Eýran bilen dünýäniň iri alty döwleti, ýagny ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa iýunyň aýagyna çenli umumy bir ylalaşyga gelmek ugrunda tagalla edýärler.

Dünýäniň iri alty döwleti Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin, onuň ýadro programmasyny çäklendirmek isleýärler. Eýran bu aýyplamalary ret edip, özüniň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG