Sepleriň elýeterliligi

Trans-Hazar "arzuw bolmagyna galýar"


Gazgeçiriji

Gazgeçiriji

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) energiýa boýunça ýokary derejeli wekili Maroş Şefçowiç şu aý Aşgabada sapar edenden soň, türkmen gazynyň Ýewropa 2019-njy ýyla çenli akdyrylyp başlanjakdygyna umyt edýändini mälim etdi.

Jenap Şefçuwyçyň bu proýekt bilen balgy kesgitlän möheleti garaşylmadyk bir täzelik boldy. Sebäbi bu barada indi tas 20 ýyl bäri gürrüň edilip gelinýär, emma şu güne çenli ädilen takyk ädim ýok diýerlik.

Şeýlelikde, "Brýusseliň bu proýekt dogrusynda beýle ynam bilen gürlemegine nähili düşünmeli?", "ÝB Trans-hazar bilen bagly bar bolan kynçylyklary nädip aradan aýyrmakçy bolýar?", "Bu taslama haýsy ýollar arkaly durmuşa geçirilip bilner?" diýen ýaly dürli soraglar döreýär.

Azatlyk Radioýsynyň "Mejlis" atly ýörite gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky bölüminde edil şu temalar hakda gürrüň edilýär. Programmanyň myhmanlary:

Jon Roberts

Jon Roberts

-- Jon Roberts (John Roberts), energiýa boýunça ekseprt, häzirki döwür söhbetdeşligiň temasy boýunça Awazada geçirilýän konferensiýada çykyş etmek üçin Türkmenistanda saparda.

Stiw Lewine

Stiw Lewine

-- Stiw Lewine (Steve Levine): post söwet ýurtlarynda energiýa meseleleri boýunça tanymal ekspert, ol beýleki ençeme kitaplar bilen bir hatarda Kaspiniň ýer asty baýlyklary barada gürrüň edilýän Oil and Glory atly kitabyň hem awtorydyr.

Brýus Pannier

Brýus Pannier

-- Brýus Pannier (Bruce Pannier): Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy, şeýle-de Merkezi Aziýa bagyşlanan Qishloq Ovozi atly bloguň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG