Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus tussaglary: Biz gulluk geçýärdik


Ukrainanyň gündogarynda tussag edilen rus harbysydygy çaklanylýan Aleksandr Aleksandrow.
Ukrainanyň gündogarynda tussag edilen rus harbysydygy çaklanylýan Aleksandr Aleksandrow.

Ukrainanyň gündogarynda tussag edilen rus harbylarydygy çaklanylýan iki adam ele salnan pursady rus armiýasynda resmi gullukda bolandyklaryny aýdýarlar. Moskwa muny ret edýär.

Bu barada Ýewgeniý Ýerofeýewiň we Aleksandr Aleksandrowyň Russiýanyň “Nowaýa gazeta” neşiriniň web-saýtynda çap edilen wideoda çykyş edýän pursatlary görkezilýär.

Aleksandr Aleksandrow özleriniň tussag edilmegi bilen Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde rus harbylarynyň hem hereket edýändigini aýan edýär diýip belleýär. Ýurduň gündogar sebitlerinde orsýetparaz separatistler Kiýewiň hökümetine garşy söweşýärler.

Aleksandrow Kiýewiň keselnasyndan edýän çykyşynda: “Russiýa muny boýun almak amatly däl” diýip hem nygtaýar.

Kreml Kiýewiň we Günbataryň Ukrainadaky orsýetparaz separatistleri ýarag we esger bilen üpjün edýändigi baradaky aýyplamalaryny inkär edip gelýär. 2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň gündogaryndaky başlanan konfliktde häzire çenli 6 müň 100 töweregi adam öldi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ýerofeýewiň we Aleksandrowyň rus armiýasynda gulluk edendiklerini, emma olaryň tussag edilen pursady döwlet tarapyndan hakyna tutulmandyklaryny öňe sürýär.

“Nowaýa gazeta” neşirine beren interwýusynda Ýerofeýew rus armiýasyny terk etmändigini adýar.

Kiýewiň sudy iki tussagy hem 19-njy iýula çenli deslapky tussaghanada saklamak barada karar çykardy.

Ukrainanyň harbylary gürrüňi gidýän iki adamyň ýurduň gündogaryndaky ok atyşyklarda ýaralanandyklaryny, häzirki pursat keselhanada bejergi alýandyklaryny mälim edýär.

Moskwa olaryň goýberilmegine çagyryş edýär. Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow gürrüňi gidýän iki adamy azat etmek üçin “ähli tagallalaryň” edilýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG