Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: YD Khaldiýa aralaşdy


"Yslam döwleti" toparyna degişli tank
"Yslam döwleti" toparyna degişli tank

Yragyň harby güýçleriniň Anbar welaýatynyň strategiki şäherini basyp almakçy bolýan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy operasiýa girişendikleri habar berilýär.

Şaýatlaryň we adynyň agzalmagyny islemedik resmileriň berýän maglumatyna görä, Khaldiýa şäheriniň eteginde hökümet güýçleri bilen “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň arasynda çaknyşyklar gidýär. Çaknyşyklar Fallujah we Ramadi şäheriniň aralygyndaky Al-Habbaniýah harby bazasynyň golaýynda bolup geçýär.

Bu maglumatlary beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Mundan bir hepde ozal, söweşijiler Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi şäherini ele geçiripdiler.

XS
SM
MD
LG