Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Jeňçi kommandiri öldürildi


Alekseý Mozgowoý

Alekseý Mozgowoý

Ukrainanyň gündogaryndaky orsýetparaz separatistleriň ýokary derejeli kommandiri Alekseý Mozgowoýyň we ýene-de alty jeňçiniň näbelli topar tarapyndan öldürilendigi habar berilýär.

Separatistleriň gözegçiligindäki Ukrainanyň Lugansk raýonynyň maglumatyna görä, Mozgowoýyň ulagy partladylyp, soňundan hem awtomatiki ýaraglar bilen atylypdyr.

Bu waka separatistleriň kontrollygyndaky Alçewsk şäheriniň golaýynda boldy. Hüjümde ölen beýleki adamlaryň şahsyýetleri aýan edilmedi.

Mundan ozal hem Mozgowoýyň janyna kast etmek synanyşyklary bolupdy.

XS
SM
MD
LG