Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG žurnaliste edilen hüjümi ýazgardy


ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) makedoniýaly žurnaliste edilen hüjümi ýazgardy. Sase Iwanowski hökümetiň ýiti tankytçysydy.

“Maktel” internet neşiriniň eýesi Iwanowskä 22-nji maýda hüjüm edilipdi. Wakada onuň kellesine we biline şikesler ýetip, ol keselhana ýerleşdirildi.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç bu hüjümi ýazgaryp, munuň soňky aý žurnalistlere edilýän hüjümiň we atylýan haýbatlaryň biri bolandygyny aýtdy.

Miýatowiç makedon resmilerine ýüzlenip, hadysany içgin derňemäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG