Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlar hüjümçini anyklady


Şaýy metjidine edilen hüjümde 21 adam ölüpdi.
Şaýy metjidine edilen hüjümde 21 adam ölüpdi.

Saud Arabystany 22-nji maýda şaýy metjidinde özüni partladan adamyň şahsyýetini anyklandygyny mälim edýär. Gürrüňi gidýän hüjümde 21 adam ölüpdi.

Berilýan maglumata görä, janyndan geçen hüjümçi “Yslam döwleti” atly topar bilen ilteşigi bolan saud raýaty bolupdyr.

Içeri işler ministrligi hüjümçiniň adynyň Salih bin Abd al-Rahmandygyny, şeýle-de onuň “Yslam döwleti” toparyna ygrarly “Najd welaýaty” atly ekstremistik toparyň agzasy bolandygyny mälim etdi.

Ýerli habar serişdesiniň howpsuzlyk gulluklaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, 22-nji maýdan bäri gürrüňi gidýän toparyň 26 agzasy tussag edilipdir.

Metjide edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Najd welaýaty” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG