Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrowideniýe: Şwesiýa ýeňdi


Mans Zelmerlow
Mans Zelmerlow

Şwesiýaly aýdymçy Mans Zelmerlow Wenada geçen Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiň final tapgyrynyň ýeňijisi boldy. 28 ýaşly Zelmerlow rus we italiýan bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy.

Ikinji orny russiýaly aýdymçy Polina Gagarina eýeledi. Gagarinanyň ýerine ýetiren aýdymynda “Biziň ählimiz bir dünýäniň adamy. Biz üýtgeşik bolsak-da, biz birdiris” diýen sözleri bar. Bu Russiýadaky gomoseksuallara garşy kabul edilen kanunyň garşysyna edilen bir hereket hökmünde hem kabul edildi. Russsiýanyň prawoslow kilisesiniň partiarhy Kirill bäsleşikden öň çykyş edip, Gagarinanyň ýeňilişe sezewar boljakdygyna umyt edýändigini aýdypdy.

Şwesiýa Ýewrowideniýe bäsleşigini jemi 6 sapar ýeňipdi.

XS
SM
MD
LG