Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran hemaýaty Djiboutä ýetdi


Eýrandan Ýemene iberilen gämilerde 2,5 müň tonna azyk bolup, olar BMG-niň Azyk programmasy tarapyndan paýlanar.
Eýrandan Ýemene iberilen gämilerde 2,5 müň tonna azyk bolup, olar BMG-niň Azyk programmasy tarapyndan paýlanar.

BMG-niň Djibouti portundaky resmileri Eýrandan Ýemene ugradylan hemaýaty kabul edendiklerini mälim etdiler. Eýrandan Ýemene iberilen gämilerde 2,5 müň tonna azyk bolup, olar BMG-niň Azyk programmasy tarapyndan paýlanar.

Saud Arabystany Ýemendäki huthi jeňçilerine ýaraglaryň iberilmeginiň öňüni almak üçin, Ýemen portuna barýan ähli gämileri barlagdan geçirýär.

Saud Arabystany we onuň sünni ýaranlary iki aýdan bäri Ýemendäki huthi jeňçilerine garşy howa hüjümlerini amala aşyrýarlar. Gürrüňi gidýän sünni koalisiýasy Ýemeniň häkimiýetden çetleşdirilen prezidentini täzeden dikeltmek ugrunda tagalla edýärler.

Eýran huthi jeňçilerini goldaýar. Şol bir wagtda-da, Tähran jeňçileri ýarag bilen üpjün edýändigi baradaky aýyplamalary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG