Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus HDG kanunyndan "aladalanýar"


Rus prezidenti Wladimir Putin
Rus prezidenti Wladimir Putin

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň “islenmeýän” diýlip kesgitlenen hökümete degişli bolmadyk guramalary (HDG) gadagan edýän kanunyna “alada bildirýändigini” aýdýar.

Rus prezidenti “Russiýanyň goranmak ukyplylygyna, howpsuzlygyna, jemgyýetçilik durmuşyna, saglygyna howp abandyrýan” diýlip häsiýetlendirilýän daşary ýurt guramalaryny “gara sanawa” goşmaga mümkinçilik berýän dokumente 23-nji maýda gol çekdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Marie Harf Waşingtonyň munuň netijesinde “Russiýadaky graždan jemgyýetçiliginiň mundan beýläk hem çäklendiriljekdigine” alada bildirýändigini aýtdy.

Rus Parlamentiniň iki öýi tarapyndan hem tassykalan bu dokumente laýyklykda, gürrüňi gidýän guramalar bilen işleşýän adamlara uly jerime salnyp bilinýär, şeýle-de olar 6 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinýär.

Kanuna görä, “islenmeýän guramalar” Içeri işler ministrligiň we beýleki howpsuzlyk gulluklaryň ýygnan maglumatlary we dokumentleri esasynda, Daşary işler ministrligi bilen birlikde kesgitlenmeli.

“Gara sanawy” ýurduň Adalat ministrligi düzer.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar bu kanuny ýazgardylar.

Kremliň adam hukuklary boýunça ombudsmany hem bu kanunçylyga garşy çykdy.

Ýatlap geçsek, Putin 26-njy martda çykyş edip, Günbataryň gizlin gulluklaryny hökümete degişli bolmadyk guramalary ulanyp, “Russiýany durnuksyzlaşdyrmak synanyşygynda” aýyplapdy.

2012-nji ýylda Russiýa daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalary “daşary ýurt agentleri” diýip hasaba almak baradaky kanuny hem kabul edipdi.

XS
SM
MD
LG