Sepleriň elýeterliligi

“Eurovision 2015”-de Şwesiýa birinji boldy


Mans Zelmerlow.

Mans Zelmerlow.

“Eurovision 2015” aýdym-saz bäsleşiginde Şwesiýa wekilçilik edýän Mons Selmerlew 365 bal bilen birinji orna mynasyp boldy.

Bu aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyry 23-nji maýda Awstriýanyň paýtagty Wenadaky “Wiener Stadthalle” arenasynda geçirildi.

“Eurovision 2015” aýdym-saz bäsleşiginde Russiýa wekilçilik edýän Polina Gagarina “A Million Voices” atly aýdymy bilen ikinji orna mynasyp boldy. Ol bu bäsleşikde 303 bal aldy.

Italiýan aýdym-saz topary “II Volo”-nyň ýerine ýetiren aýdymy “Grande Amore” atly aýdym 292 bal bilen üçünji orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň final tapgyrynda 27 ýurduň aýdym-saz wekilleri öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşikde 49 bal toplan azerbaýjanly aýdymçy Elnur Hüseýnow 12-nji oruna eýe boldy.

XS
SM
MD
LG