Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde bir adam öldi


Owganystanyň resmisi ýurduň günortasyndaky Zabul welaýatynyň paýtagtynda janyndan geçeniň ýükli ulagda amala aşyran bombaly hüjüminde bäş adamyň öldürilendigini we başga-da 62-den gowragynyň ýaralanandygyny habar berýär.

Zabul welaýat polisiýasynyň başlygy Mirwais Nurzaýyň 25-nji maýda beren maglumatyna görä, bu hüjüm welaýat geňeşiniň Kalatdaky jaýlar toplumynyň girelgesinde amala aşyrylypdyr.

Nurzaýyň aýtmagyna görä, hüjümçi partladyjy serişdeleri kiçi ýük ulagynyň içinde ýarypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Talyban" hereketi öz üstüne aldy.

Soňky aýlarda Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän Zabul welaýatynda gozgalaňçylaryň işjeňliligi artdy.

XS
SM
MD
LG