Sepleriň elýeterliligi

Synçylar: Siriýanyň güýçleri Palmyrany nyşana alýar


Synçylar, 25-nji maýda Siriýanyň hökümet güýçleriniň uçarlary “Yslam döwleti” atly söweşiji topar tarapyndan ele salnan binalary nyşana alyp, Palmyra şäherinde we onuň daş-töwereginde azyndan 15 raketa hüjümini amala aşyrdylar diýýärler.

Geçen hepde “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Rim imperiýasyna degişli arheologik galyndylaryň iň gowy saklanyp galan sanlyja sebitleriniň birini, ýagny gadymy Palmyra şäherini basyp aldylar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň berýän maglumatyna görä, 16-njy maýdan bäri gürrüňi edilýän sebitde söweşijiler azyndan 217 adamy, şol sanda çagalary öldüripdirler.

Synçy toparyň aýtmagyna görä, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Palmyra şäherinde we onuň töwereginde hökümete tarapdar ýaraglylaryň, esgerleriň 600 çemesini tussag edipdirler.

XS
SM
MD
LG