Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ABŞ Ramadi şäheriniň basylyp alynmagyna ýol berdi


Eýranyň gazetinde Tähranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň ýokary bileleşiginiň başlygyna salgylanyp berilýän maglumatda eýranly resmi, Birleşen Ştatlary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Yragyň Ramadi şäherini basyp almagyna ýol bermekde aýyplaýar.

Eýranyň “Jawan” atly gündelik neşirinde çap edilen bu maglumat, Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Aş Karter Yragyň güýçlerini “söweşmäge islegsizlikde” aýyplandan bir gün soň ýaýradyldy.

17-nji maýda Ramadiniň kontrollygynyň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň gözegçiligine geçmegi Yragyň harbysy üçin örän uly urgy boldy.

Gürrüňi edilýän gazetde Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň “Kuds” atly ýokary bileleşiginiň başlygy general Kassem Soleýmanä salgylanyp berilýän maglumatda Birleşen Ştatlar Ramadi şäheriniň ekstremistler tarapyndan basylyp alynmagynyň öňüni almakda “edilmeli işi” etmedi diýilýär.

XS
SM
MD
LG