Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Öňki resmä sekiz aý kesildi


Ysraýylyň öňki premýer-ministri Ehud Olmert mart aýynda geçirilen sud diňlenişiginde korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapylandan soň, 25-nji maýda sekiz aý türme tussaglygyna höküm edildi.

2006-2009-njy ýyllarda premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiren Olmertiň aklawçylary özleriniň bu karary şikaýat etjekdigini aýtdylar.

2009-njy ýylyň başynda Olmert korrupsiýa aýyplamalary bilen baglanyşykly öz wezipesinden çekilmäge mejbur edilipdi.

69 ýaşly Olmert beýleki bir sud işi bilen baglanyşykly alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Häzirki watda Ysraýylyň Ýokary sudunda onuň bu sud işi bilen baglanyşykly şikaýatyna garalýar.

Olmert özüniň günäsizdigini nygtap gelýär.

XS
SM
MD
LG