Sepleriň elýeterliligi

Ölen saýgaklaryň sany 85 müňe ýetdi


Gazagystanda ýitmek howpy astyndaky saýgak keýikleriň sany 85 müňe ýetdi. Bu sany yglan eden Gazagystanyň häkimiýetleri bu ýagdaýyň anyk sebäplerini aýtmakdan saklanýarlar.

Merkezi Aziýanyň Oba hojalyk ministrliginiň 22-nji maýda aýtmagyna görä, keýikleriň ölmegi bilen bagly ýagdaý ýurduň üç regionynda ýüze çykypdyr.

Onuň sebäpleri nämälim, emma häkimiýetler haýwanlaryň ölümine dem alyş ýollardan geçýän pasteurellosis atly bakterianyň sebäpkär bolmagyny çak edýärler.

Gazagystan saýgaklaryň ýaşaýan esasy ýeri hasaplanýar. Möle gözli, süýnmek burunly bu haýwanlaryň towlanan şahlary hytaý medisinasynda giňden ulanylýar.

Ozalky döwürlerde millionlarça sanly bolan saýgaklara Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň ýitmek howpy abandy. Olar bikanun et we şah satýan awçylaryň nyşanyna öwrüldiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG