Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň gözegçileri Eýrana barar


Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça araçysy ýurduň dawaly ýadro programmasy boýunça dünýäniň iň kuwwatly alty döwleti bilen baglaşyljak ylalaşygyň bir bölegi hökmünde, Tähran Birleşen Milletler Guramasynyň inspektorlarynyň ýurduň harby desgalarynyň ýerleşýän sebitine “girmäge” rugsat bermek barada ylalaşdy diýýär.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçiniň eden bu çykyşy, 24-nji maýda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif we onuň orunbasary parlamentiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi diýilýän ýygnagyna gatnaşandan soň, döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Bu ýygnaga gatnaşan kanunçykaryja salgylanyp berilýän maglumata görä, Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçilerine ýadro desgalarynyň ýerleşýän sebitinden daşky gurşaw bilen baglanyşykly käbir barlag nusgalaryny almaga rugsat beriler.

Eýranyň ýadro gepleşikleri bilen baglanyşykly mälim edilen bu öňe gidişlikler, 20-nji maýda Eýranyň Ýokary ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýiniň ýaýradan beýanatyna gapma-garşy gelýär. Şol beýanatda Eýranyň BMG-niň gözegçileriniň ýurda gelmegine rugsat bermejekdigi mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG