Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis: Bir esger öldürildi


Tunisiň Goranmak ministrligi ýurduň paýtagtynda harby esgerleriň ýaşaýan jaýynda bir esgeriň öz ýoldaşlaryna ot açmagy netijesinde bir harby gullukçynyň öldürilendigini habar berýär.

Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Belhassen Oueslatiniň aýtmagyna görä, duşenbe güni esgerleriň ýaşaýan “Bauçaça” atly jaýynda bolan bu wakada başga-da adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy barada henize çenli takyk maglumat ýok.

Tunisiň döwlet habar gullugy bu wakada ot açan ýaragly adamyň we başga-da üç sanysynyň heläk bolandygyny habar berýär.

Gürrüňi edilýän esgeriň ot açmagyna nämäniň itergi berendigi barada henize çenli takyk maglumat ýok.

Esgerleriň ýaşaýan “Bauçaça” atly jaýy Tunisiň “Bardo” atly milli muzeýiniň golaýynda ýerleşýär. 18-nji martda bu muzeýe edilen terrorçylykly hüjümde aglabasy syýahatçylardan ybarat 22 adam öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG