Sepleriň elýeterliligi

Yrak goşuny ”YD-e” basyşy güýçlendirýär


Şaýy söweşijileri, Anbar welaýatynyň Garma etraby, Yrak, 19-njy maý, 2015.

Şaýy söweşijileri, Anbar welaýatynyň Garma etraby, Yrak, 19-njy maý, 2015.

Yragyň hökümet güýçleri şaýylaryň ýaragly toparlarynyň we sünni tire-taýpalarynyň söweşijileriniň kömegi bilen, bir hepde mundan ozal “Yslam döwletiniň” basyp alan giňişliklerini ýene yzyna gaýtaryp aldylar we Yragyň günbatar şäheri bolan Ramada basyşy artdyrýarlar.

Ýerli sünni tire-taýpalaryň lideri Amir al-Fahdawä salgylanyp 24-nji maýda habar berlişine görä, häzirki wagtda garyşyk güýçler Ramadiden 10 kilometr uzaklykdaky Husaiba al-Şarkiýa şäherine gözegçilik edýärler we ”YD-niň” söweşijilerini yza serpikdirmek üçin basyşy dowam etdirmäge taýýarlanýarlar.

17-nji maýda Ramadiniň elden giderilmegi Yragyň harbylary üçin örän uly ýeňliş boldy. Olar Yragyň Anbar welaýatynda “Yslam döwletine” garşy netijeli basyşa ýaňy başlapdylar.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi 25-nji maýda BBC agentligine beren interwýusynda “olar söweşde ýeňen hem bolsalar, bu olaryň üstün çykandygyny aňlatmaýar” diýdi.

Şol bir wagtyň özünde-de harby toparyň Yragyň goşunlaryny yza serpikdirip, 24-nji maýda Eýranyň we Siriýanyň serhedindäki geçelgäni doly öz gözegçiligne alandygy habar berildi.

Yrak tarapyndan Al-Walid serhet geçelgesinde YD häzirki wagtda Siriýanyň we Anbar welaýatynyň arasyndaky esasy ýollara gözegçilik edýär.

Bu hüjümler ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karteriň Yragyň goşunlarynyň ”YD” garşy söweşmek islegine degişli berk çykyşyna gabat geldi. Karter Yragyň goşunlarynyň Ramadidäki söweşlerde şowsuzlyga uçramagynyň olarda öz-özlerini goramaga islegiň gowşakdygyny görkezýändigini aýtdy.

Ol 24-nji maýda CNN telekanalyna bu barada şeýle diýdi: “Ramadide bolan ýagdaýlar Yragyň goşunlarynyň söweşmäge islegsizligini görkezdi. Olaryň sany ”YD-den” az däldi – hakykatda Yragyň goşunlary garşydaşyndan san taýdan artykdy, emma şonda-da olar yza çekildiler. Bu bolsa yraklylarda ”YD” garşy söweşmäge we öz-özlerini goramaga isleg meselesiniň bardygyny maňa we köpçülige görkezdi”.

Yrak goşuny Anbar welaýatyndaky söweşlerde yza çekilende özüne ABŞ tarapyndan berlen ulaglary, tanklary taşlap gaýdypdy.

Yrakly kanunçykaryjy, parlamentiň Goranmak we howpsuzlyk komitetiniň başlygy Hakim al-Zamili 24-nji maýda “Associated Press” agentligi bilen söhbetdeşlikde Karteriň kommentarilerini “hakykata gabat gelmeýän we esassyz” diýip atlandyrdy.

Ol Waşingtony Yragyň esgerlerini “gowy enjamlar, ýarag we howadan goldaw bilen üpjün etmekde” şowsuz hereketlerde aýyplady.

XS
SM
MD
LG