Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Anbary yzyna almak üçin operasiýalar başlaýar


Yragyň döwlet telewideniýesi “Yslam döwleti” alty toparyň söweşijilerini ýurduň günbataryndaky Anbar welaýatyndan gysyp çykarmak üçin operasiýalaryň başlandygyny habar berýär. Şu aýyň başynda gürrüňi edilýän ekstremist topar bu welaýatyň Ramadi şäherini basyp alypdy.

26-njy maýda telewideniýede mälim edilen bu maglumatda yrak güýçleriniň şaýylaryň we sünnileriň ýaraglylary tarapyndan goldanylýandygy aýdyldy. Emma bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

2014-nji ýylyň başlaryndan bäri “Yslam döwleti” atly söweşiji topar Anbar welaýatynyň ençeme böleklerini ele saldy we şu aýyň başynda welaýatyň paýtagty Ramadi şäherini basyp aldy.

Ramadi şäheriniň kontrollygynyň “Yslam döwleti” atly toparyň gözegçiligine geçmegi, soňky bir ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki howa zarbalarynyň kömegi bilen söweşijilere garşy göreşde öňe gidişlikleri gazanýan yrak güýçlerine örän uly urgy boldy.

XS
SM
MD
LG