Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: “AI”-niň, “HRW”-niň derňelmegi mümkin


Russiýanyň aşa milletçi Liberal demokratik partiýasyndan parlament agzasy Witaliý Zoloçewskiýniň ýurduň Baş prokuraturasyndan adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” we “Human Rights Watch” guramasynyň Russiýanyň howpsuzlygyna howp abandyryp-abandyrmaýandygyny barlamagy sorandygy habar berilýär.

Bu baradaky haýyş, 23-nji maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň täze kanuna gol goýmagynyň yzýanyna gabat geldi. Bu kanun ýurduň prokurorlaryna daşary ýurt we halkara guramalary Russiýada “islenmeýän” guramalar diýip ykrar etmäge we olary ýapmaga ygtyýar berýär.

Putiniň gol goýan bu kanuny Russiýadaky aktiwistler we Günbatar tarapyndan giňden ýazgaryldy.

Zoloçewskiýniň sanawyndaky guramalaryň arasynda Moskwadaky "Karnegi" merkeziniň we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Memorial” merkeziniň atlarynyň bardygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG