Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Sud jaýyna hüjüm edildi


Owganystanyň Wardak welaýatynda “Talyban” hereketiniň janyndan geçen bombaçylary welaýatyň sud jaýyna hüjüm etdiler. 26-njy maýda sud jaýyna giren hüjümçiler atylyp öldürilmezden öň, iki polisiýa ofiserini öldürdiler.

Wardak welaýat polisiýasynyň başlygy Halil Andarabiniň aýtmagyna görä, hüjümçileriň biri sud zalynyň birinji girelgesinde bombany partladan mahaly, polisiýa ofiserleri heläk bolupdyr.

“Bombaçylar sud zalyna girmegi başardylar, emma biziň howpsuzlyk güýçlerimiz taýýarlykly bolany sebäpli olar ikinji girelgä ýetmänkä, atyp öldürildiler” diýip, Andarabi belledi.

25-nji maýda Owganystanyň Zabul welaýatynyň paýtagty Kalat şäherinde bombaly ýük ulagy bilen amala aşyrylan hüjümde bäş adam öldi we başga-da 60-dan gowragy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG