Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika, ABŞ: 18 adam öldi


Metbugat serişdeleriniň berýän maglumatlarynda Meksikanyň demirgazygynda we Birleşen Ştatlaryň Tehas we Oklahoma ştatlarynda güýçli ýagyşyň ýagmagy we tüweleýiň turmagy netijesinde azyndan 18 adamyň ölendigi we müňlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigi habar berilýär.

Bu tebigy heläkçilikden iň köp ejir çeken sebit Meksikanyň Birleşen Ştatlar bilen serhetleşýän Sýudad Akuna şäheri bolup, bu sebitde tüweleý zerarly 13 adam heläk boldy we 1 500 çemesi jaýa zeper ýetdi.

Ýerli metbugat serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, geçen hepdäniň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň Tehas we Oklahoma ştatlarynyň serhetleşýän sebitinde güýçli ýagan ýagyn zerarly başga-da bäş adam heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG