Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Habarçynyň sud diňlenişigi geçirilýär


Eýranda tussag edilen “Washington Post” neşiriniň habarçysy Jason Rezaianyň sud diňlenişigi 26-njy maýda Tähranda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Rezaianyň aýaly žurnalist Ýeganeh Salehi hem öz adamsynyň ýany bilen sud zalyna barypdyr.

Bu sud diňlenişigi Tähranyň rewolýusion sudunyň 15-nji bölümçesinde geçirilýär. Bu sud bölümçesinde köplenç syýasy ýa-da milli howpsuzlyk bilen ilteşikli sud işlerine garalýar.

Eýranyň sud ulgamy bilen ilteşikli “MizanOnline” atly habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, sud diňlenişiginiň birinji sessiýasy üç sagat çemesi wagt soň tamamlanypdyr.

“Washington Post” neşiriniň Tährandaky býurosynyň başlygy Rezaian 2014-nji ýylyň iýul aýynda tussag edileni bäri Eýranyň Ewin türmesinde saklanylýar we onuň öňküsinden 18 kilogram çemesi horlanandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG