Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa: Futbol bilen ilteşikli jenaýat işi gozgaldy


Şweýsariýanyň häkimiýetleri 2018-2022-nji ýyllarda boljak Futbol boýunça Dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýurduny kesgitlemek bilen ilteşikli hapa pullary ýuwmakda we bidüzgünçilikde şübhelenilýän şahslara garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berýärler.

27-nji maýda Şweýsariýanyň Baş prokuratura edarasynyň ýaýradan beýanatynda Halkara Futbol federasiýasynyň - FIFA-nyň IT, ýagny kompýuter ulgamynda saklanylýan resminamalaryň we maglumatlaryň hem ele salnandygy mälim edilýär.

Halkara Futbol federasiýasynyň metbugat wekili Walter de Gregorio gyssagly gurnalan metbugat konferensiýasynda Şweýsariýanyň korrupsiýa baradaky derňewlerine FIFA-nyň baş sekretary Jerome Walkeniň we prezident Blatteriň atlary goşulmady diýdi.

De Gregorio derňewlere garamazdan, 29-njy maýda FIFA kongresiniň we täze prezidenti saýlamak boýunça ses berişligiň geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Mundan ozal Şweýsariýanyň Federal Adalat edarasy ýurduň Zürih şäherinde geçiriljek FIFA kongresiniň öň ýanynda futbol boýunça alty resminiň tussag edilendigini we olaryň Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleriniň eden ekstradisiýa haýyşy bilen baglanyşykly tussaglykda saklanylýandygyny aýtdy.

Şweýsariýanyň Federal Adalat edarasynyň berýän maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri gürrüňi edilýän resmileriň 1990-njy ýyllarda Birleşen Ştatlarda we Latyn Amerikada geçirilen futbol bäsleşiklerinde söwda ylalaşyklary bilen ilteşikli “umumy möçberi 100 million amerikan dollaryndan gowrak” parany bermekde we almakda güman edilýär.

XS
SM
MD
LG