Sepleriň elýeterliligi

NATO: Ukrainanyň tagallasy böwetlenýär


NATO-nyň ýokary derejeli komandiri Ukraina garşy “yzygiderli edilýän hüjümler”, Kiýewiň bir gün Günbataryň harby bileleşigine goşulmak maksady bilen öz armiýasyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän tagallalaryny böwetleýär diýip, duýduryş berdi.

27-nji maýda Kiýewde geçirilen goranyş ýygnagynda NATO-nyň syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça başlygy Trasiwolosa Terri Stamatopoulos (Thrasyvoulos Terry Stamatopoulos): “Biz Ukrainanyň ýüzbe-ýüz bolýan howply kynçylyklaryndan habarlydyrys” diýdi.

Bu aralykda, Ukrain harbysynyň metbugat wekili ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda Minskde gol goýlan ylalaşyga garamazdan, gündogar Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň eden hüjüminde bir ukrain harbysynyň öldürilendigini we başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ukrain harbysynyň metbugat wekili Oleksander Motuzýanykyň aýtmagyna görä, separatistler pitneçileriň kontrollygyndaky Donetsk şäheriniň daşynda we strategik taýdan ähmiýetli Mariupol şäheriniň golaýynda hökümet güýçlerine garşy yzygiderli hüjümleri amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG