Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fabius, Hammond FIFA-ny tankyt etdi


Fransiýanyň daşary işler ministri we onuň britan kärdeşi FIFA-ny, ýagny Halkara Futbol federasiýasyny ýiti tankyt edip, dünýäniň futbol assosiasiýasyna prezident saýlamak boýunça geçiriljek saýlawlary soňa goýmaga çagyryş etdiler.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius özüniň 28-nji maýda beren maglumatynda Sürihde FIFA-nyň resmileri tussag edilensoň, bu federasiýanyň prezidentini saýlamak boýunça 29-njy maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan saýlawlar soňa goýulsa “manyly bolardy” diýdi. FIFA-nyň prezidentligine häzirki prezident Sepp Blatter we şazada Ali dalaşgärlik edýär.

Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Filip Hammond (Philip Hammond) 28-nji maýda “BBC” korporasiýasyna beren maglumatynda “FIFA-nyň ýüreginde örän ýalňyş” bir zat bar we onuň reforma ýoly bilen üýtgedilmegi zerurdyr diýdi.

Şol bir wagtyň özünde Halkara Futbol federasiýasynyň häzirki prezidenti Blatter 28-nji maýda Sürihde geçiriljek futbol konferensiýasynda etjek çykyşyny goýbolsun etdi.

XS
SM
MD
LG