Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa serhediň golaýyna goşun ýerleşdirýär diýilýär


Russiýanyň armiýasy uly möçberdäki goşunyny we ýüzlerçe harby serişdesini özüniň Ukraina bilen serhediniň golaýyndaky territoriýasyna getirdi diýip, “Reuters” habar gullugynyň habarçysy maglumat berýär.

Habarçynyň berýän maglumatyna görä, raketa atyjylardan, tanklardan we artilleriýa oklaryndan ybarat agyr ýaraglar 23-26-njy maý aralygynda Kuminsk poligonyna alnyp barylypdyr. Bu sebit Ukrainanyň Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygyndaky Luhansk regionyndan 50 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu barada henize çenli hiç hili maglumat berip bilmejekdigini mälim etdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 27-nji maýda “Reuters” habar gullugyna telefon arkaly beren maglumatynda Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda ýerleşdirilen agyr ýaraglaryň we goşunyň Ukraina goşulyşmak üçin edilýän taýýarlyk bolup-bolmandygy barada sowal bermekligiň “ýerliksizdigini” aýtdy.

Kiýew, NATO we Günbatar ýurtlary Russiýanyň Ukraina goşun ýa-da ýarag ugradýandygyny aýdýarlar, emma Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG