Sepleriň elýeterliligi

FIFA: Putin ABŞ-ny aýyplady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlary FIFA-nyň, ýagny Halkara futbol federasiýasynyň işine goşulyşmakda we Sepp Blatteri gaýtadan prezidentlige saýlamagyň öňüni almaga synanyşmakda aýyplady.

28-nji maýda Putin döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Sürihde Birleşen Ştatlaryň aýyplamalaryna esaslanyp FIFA-nyň ýedi resmisiniň tussag edilmegi “Blatteriň gaýtadan prezidentlige saýlanmagyny böwetlemek üçin edilýän synanyşykdyr” diýdi.

2018-2022-nji ýyllarda boljak futbol boýunça Dünýä çempionatlary Russiýada we Katarda geçiriler. Şweýsariýanyň prokurorlary Dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýurtlary barada gelnen netije dogrusynda hem aýrylykda sud işini gozgadylar.

Şeýle-de, Putin Blatteriň futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Russiýada geçirilmegi ugrunda eden goldawy üçin oňa garşy edilýän “basyşlardan” özüniň habarlydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG