Sepleriň elýeterliligi

Wuçiç, Rama: Gatnaşyk gowulanar


Serbiýanyň we Albaniýanyň premýer-ministrleri Tiranda geçiren duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda işlejekdiklerini mälim etdiler.

“Biziň hökümetimiziň işi gelejege seretmeklik we biziň üçin gelejek Albaniýa bilen gowy gatnaşyklar diýmegi aňladýar” diýip, 27-nji maýda Albaniýanyň paýtagty Tiranada Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç belledi.

Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama Ýewropa Bileleşigine agzalyga ýüz tutan Serbiýanyň we Albaniýanyň “bu regionda parahatçylygy we bilelikde ýaşamagy dikeltmegi üçin taryhy mümkinçilik” döredi diýdi.

Wuçiç we Rama Kosowa babatynda özleriniň dürli-dürli garaýyşdadygyny tassykladylar, emma iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki proýektler arkaly gowulandyryp boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG