Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tsarnaýewiň dostuna ýedi ýyl kesilmegi soralýar


Birleşen Ştatlaryň federal prokurorlary Boston maratonynda bombany partlatmakda höküm edilen tussagyň gazak dostuna ýedi ýyl kesilmegini soradylar. Gazagystanly Dias Kadyrbaýew 2013-nji ýylda amala aşyrylan bomba hüjümi bilen baglanyşykly polisiýa derňewlerini böwetlemekde aýyplanýar.

Kadyrbaýew bomba hüjümini amala aşyrmakda höküm edilen Džokhar Tsarnaýewiň üç dostunyň biri bolup, olaryň üç adamyň ölümine we başga-da 264 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan bomba hüjümi bilen baglanyşykly derňewlere goşulyşmakda öňümizdäki hepde höküm edilmegine garaşylýar.

Alyş-çalyş okuw programmasy arkaly Birleşen Ştatlarda okan Kadyrbaýew geçen ýylyň awgust aýynda adalata bökdençlik döretmekde günälidigini boýun aldy.

Mundan ozal onuň bilen bir otagda galan gazak studenti Azamat Tažaýakow Boston hüjümlerinden üç gün soň, Tsarnaýewiň otagyndan onuň rýugzagyny aýyrmak arkaly adalata päsgelçilik döretmekde günäli tapylypdy.

Şu aýyň başynda Tsarnaýew ölüm jezasyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG