Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ylalaşyk “göwnejaý” wagtda baglaşylmaly


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdy ýadro ylalaşygynyň jemini “göwnejaý wagt pursadynyň dowamynda” baglaşyp bilerler diýip umyt edýärin diýdi. Şol bir wagtyň özünde ol Eýrandan “çakdanaşa talaplaryň” edilmegine garşy duýduryş hem berdi.

Zarif 28-nji maýda Afinyda eden çykyşynda: “Eger beýleki tarap Şweýsariýanyň Lausanne şäherindäki ylalaşyga hormat goýsa we Eýran bilen özara hormata esaslanýan hemmetaraplaýyn ylalaşygy taýýarlamaga synanyşsa, onda biz islendik wagt möhletini ýerine ýetirip bileris” diýdi.

2-nji aprelde Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Hytaý Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň özeni bolan deslapky resminama boýunça ylalaşdylar. Emma şol bir wagtyň özünde birnäçe meseleler heniz hem çözülmän saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG