Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat we Astana Hazary ylalaşdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça barýan üznüksiz jedelleriň fonunda Gazagystan bilen Türkmenistan ikitaraplaýyn esasda öz aralarynda Hazardaky döwlet araçäklerini kesgitlediler.

Gazak hem türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, bu baradaky ylalaşygy Türkmenistanyň parlamenti 26-njy we Gazagystanyň parlamenti-de 27-nji maýda ykrar etdiler. Bu ikitaraplaýyn döwletara ylalaşyga geçen ýylyň 7-nji noýabrynda gol goýlupdy.

Habarlardan mälim bolşuna görä, bu ylalaşyk esasynda agzalýan ýurtlaryň ikisi-de Hazaryň özüne degişli böleginiň doly eýesi bolarlar. Gysgaça aýdanyňda, Gazagystan bilen Türkmenistan birek-biregiň deňziň özlerine degişli bölegini islendik maksat üçin ulanmaga we ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmaga haklydyklaryny ykrar edýärler.

Jedel

Bu ylalaşyk, hazarýaka bäş ýurduň, ýagny Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azarbaýjanyň, Orsýetiň we Eýranyň arasynda "Hazar deňizmi ýa-da köl?" diýen meselede üznüksiz jedelleriň dowam edýän wagtynda baglaşyldy.

"Hazar deňizmi ýa köl?" diýen jedel gaty möhüm jedel. Sebäbi, eger Hazara köl diýilse, onda islendik hazarýaka ýurt, öz gury ýer territoriýasynyň deňze ýanaşýan nokadyndan, ýagny öz kenaryndan başlap, Hazaryň diňe 16 kilometrlik bölegine eýelik eder we diňe şol bölekden öz milli suw giňişligi hökmünde peýdalanmaga hakly bolar.

Hazaryň galan böleginde bolsa, hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň hukugy deň bolup, ol ýerde amala aşyrylmaly islendik proýekt diňe ähli taraplaryň ylalaşygy bilen durmuşa geçirilip biliner.

Esasanam, Eýran Hazaryň köl diýlen statusynyň bolmagynyň tarapyny tutup çykyş edýär. Çünki, eger Hazar deňiz diýlip ykrar edilse, onda suw giňişliginden Eýrana ýetýän paý az bolýar. Onda Hazardan Eýrana degişli boljak giňişlik deňziň diňe 13,6 prosentine deň bolar. Üstesine-de, bu Hazaryň iň garyp bölegi diýlip çaklanylýar.

Trans-Hazar

Şol bir wagtyň özünde-de Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda gelnen agzalýan möhüm ylalaşyk Azerbaýjandyr Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen arada energiýa boýunça diskussiýalaryny yygjamlaşdyran pursatyna-da gabat geldi.

Ýewropa bileleşigi Türkmen gazynyň Trans-Hazar gaz proýekti arkaly Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrylmagy barada alada edip gelýär.

Şeýlelikde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda gelnen ylalaşyk Aşgabadyň Hazaryň özüne degişli bölegini islendik maksat üçin ulanmak, şol sanda, beýleki hazarýaka ýurtlara geňeşmezden, öz böleginde geçiriji turbalary çekmek ýaly hukugyna eýedigi baradaky hukugyny güýçlendirer.

Orsýet Trans-Hazar gaz proýektine garşy çykyp, Hazaryň kanuny statusy baradaky kesgitsizligi we bu proýektiň Hazaryň ekologiýasyna ýetirmegi mümkin bolan howpy baradaky çaklamalaryny orta atmagyny dowam etdirýär.

Gazagystanyň habar agentligi ”Khabaryň” maglumatyna göra, bu Gazagystanyň gol goýan şunuň ýaly ilkinji ylalaşygy däl, mundan ozal 2002-nji ýylda Gazagystan bilen Orsýetiň arasynda hem şonuň ýaly ylalaşyga gol çekilipdi.

Bu iki hazarýaka ýurt şol özara ylalaşyk esasynda Hazaryň öz territoriýalaryna ýakyn böleklerinde ýerleşýän ýerasty baýlyklary bilelikde özleşdirip başlapdylar.

XS
SM
MD
LG