Sepleriň elýeterliligi

FIFA: Palestina tarapdar protestçiler ýöriş geçirdi


Şweýsariýanyň Sürih şäherinde palestinaly birnäçe protestçi FIFA-nyň, ýagny Halkara futbol federasiýasynyň kongresini gysga wagtlaýyn böldi. Olar Ysraýylyň Halkara futbol federasiýasynyň düzüminden çykarylmagy dogrusynda edilýän teklibi goldap protest geçirdiler.

Iki zenan protestçi “Ysraýyl çykarylsyn!” diýip gygyryp, FIFA-nyň wekillerine gyzyl kartoçka görkezdi we gürrüňi edilýän federasiýanyň häzirki prezidenti Sepp Blatteriň kongresiň açylyş dabarasynda eden çykyşyny gysga wagtlaýyn böldi.

Soňra olar howpsuzlyk işgärleri tarapyndan dessine binanyň daşyna çykaryldy.

29-njy maýda ir bilen başlan kongresiň geçirilýän jaýynyň daşynda Palestina tarapdar 150 çemesi protestçi ýygnandy.

Palestina Halkara futbol federasiýasyna 1998-nji ýylda goşuldy we ol palestinaly futbolçylaryň hereketlerinde çäklendirmeleriň bardygyny aýdyp, Ysraýylyň bu guramadan çykarylmagyny isleýär.

XS
SM
MD
LG