Sepleriň elýeterliligi

Separatist lider ukrain şäherlerini basyp aljak diýýär


Gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapdar separatistleriň öz-özüni ykrar eden lideri ukrain resmileriniň kontrollygyndaky şäherleriň gözegçiligini ele salmaga wada berdi.

Aleksandr Zaharçenkonyň 29-njy maýda pitneçileriň kontrollygyndaky Donetsk şäherinde eden çykyşynda separatist güýçleriň Slowýanks, Kostýantiniwka we Krasnoarmiýisk şäherleriniň kontrollygyny gaýtadan öz gözegçiligine geçirjekdigini aýtdy. Bu şäherler geçen ýyl gysga wagtlaýyn separatistleriň kontrollygyna geçipdi.

Zaharçenko özüni, öz-özüni ykrar eden “Donetsk Halk respublikasynyň” ýolbaşçysy we premýer-ministri diýip atlandyrýar. Mundan ozal ol separatistleriň harby güýçleriniň Ukrainanyň Donetsk regionynyň territoriýalaryny basyp aljakdygyny mälim edipdi. Emma häzirki wagtda bu regionyň ähli territoriýalary separatistleriň kontrollygynda däldir.

Gündogar Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 6 100-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG