Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý: Putin hiç zatdan bäri gaýtmaz


Russiýanyň oppozision lideri Alekseý Nawalnyý Wladimir Putin öz “monopoliýasyny häkimiýetde” berkitmek üçin hiç zatdan bäri gaýtmaz diýip, Russiýanyň prezidentini özüni we içki toparyny baýlaşdyrmak maksady bilen Ukraina garşy uruşy başlatmakda aýyplady.

“Men ol ölüminiň edil öň ýany ýadro düwmesine basmaz we galan adamlary hem öz ýany bilen mazara alyp gitmek islemez diýip umyt edýärin” diýip, 28-nji maýda Nawalnyý Azatlyk Radiosynyň we “Amerikanyň sesi” radiosynyň Rus gulluklaryna beren bilelikdäki interwýusynda belledi.

Nawalnyý dürli meseleleri öz içine alýan interwýusynda Putini gündogar Ukrainada Kiýewiň güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda dowam edýän urşy öjükdirmekde hem aýyplady. Ol gündogar Ukrainadaky konfliktde Kremliň rolunyň “jenaýatdygyny” belledi.

Şeýle-de, Nawalnyý: “Bu diňe syýasy bir ýalňyşlyk däl, eýsem bu Russiýa federasiýasyna, onuň halkyna garşy edilýän jenaýatdyr" diýdi.

XS
SM
MD
LG