Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat prezidentlik möhletini uzaltmagy göz öňünde tutýar


Türkmenistanyň kanunçykaryjylary 70 ýaşdan geçenleriň prezidentlik wezipesini ýerine ýetirmegini çäklendirýän kanuna konstitusion üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutýarlar.

29-njy maýda türkmen metbugatynyň Türkmenistanyň parlamentiniň spikeri, ýagny başlygy Akja Nurberdiýewa salgylanyp beren maglumatynda ýurduň konstitusion toparynyň prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çykarmagy hem göz öňünde tutýandygy bellenildi.

Şuňa meňzeş konstitusion üýtgetmeler 57 ýaşly awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömrüniň soňuna çenli prezident wezipesinde galmagyna mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykansoň, 2006-njy ýylda döwlet başyna geçen Berdimuhamedow 2012-nji ýylda gaýtadan prezidentlige saýlanypdy. Halkara gözegçileri tarapyndan erkin hem-de adalatly däl diýlip hasaplanylan bu saýlawlarda prezident Berdimuhamedow sesleriň 97%-ni alypdy.

XS
SM
MD
LG