Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistiň ýurtdan çykarylmagy soralýar


Şu hepde Moskwada syrly bir görnüşde näsaglan tanymal rus oppozision aktiwistiň aýaly adamsyny toksikologik barlaglardan geçirmek üçin Ýewropa ýa-da Ysraýyla çykarmaga synanyşýar.

Moskwada öldürilen rus oppozision lideri Boris Nemtsowyň öňki syýasy ýarany Wladimir Kara-Murza 26-njy maýda Moskwada huşundan gidip keselhana ýerleşdirilýär. Onuň aýaly adamsynyň bu ýagdaýyny “zäherlenmäniň alamatlary” diýip atlandyrýar.

“Onuň saglyk ýagdaýy gowulaşmady we ol gaýtadan huşuna gelmedi” diýip, Wladimir Kara-Murzanyň aýaly Ýewgeniýa Azatlyk Radiosyna we beýleki metbugat serişdelerine email arkaly beren maglumatynda belledi.

Ýewgeniýa öz adamsynyň “Ýewropanyň ýa-da Ysraýylyň medisina merkezine uçarly çykarylmagyny sorady. Ol onuň bu sebitde toksikologik barlaglardan geçip, doly saglyk bejergisini alyp biljekdigini” belledi.

Emma şol bir wagtyň özünde Kara-Murzanyň häzirki wagtda saglyk bejergisini alýan Moskwanyň “Pirogow 1” atly şäher keselhanasynyň baş lukmany Alekseý Swet 29-njy maýda “Interfax” habar gullugyna beren maglumatynda aktiwisti başga ýurda transport edip bolmajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG