Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: German zamuny azat edildi


Owgan polisiýasy zamunyq “Talyban” söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Owgan polisiýasy zamunyq “Talyban” söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Owganystanda geçen aý zamunlyga alnan Germaniýanyň gumanitar işgäri azat edildi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmedik german raýaty häzirki wagt Germaniýanyň Mazar-y Şerifdäki Konsulhanasynda saklanylýar.

Ministlik aprel aýynyň ortalaryna Kunduz welaýatynda alnyp gaçylan german raýatynyň ýagdaýynyň kadaladygyny habar berýär.

Kunduz welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän german raýaty Çarhar Dara etrabynda ýerli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azat edilipdir.

Azat edilen adamyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German Assosasiýasyna işländigi aýdylýar.

Owgan polisiýasy onuň “Talyban” söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG