Sepleriň elýeterliligi

YD partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Bagdadyň “Babylon” myhmanhanasynyň daşynda ulag partlamasy amala aşyryldy.

Bagdadyň “Babylon” myhmanhanasynyň daşynda ulag partlamasy amala aşyryldy.

Yrakda Bagdadyň iki myhmanhanasynyň daşynda amala aşyrylan partlamalaryň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy.

Ýerli resmiler Bagdadyň “Iştar” we “Babylon” myhmanhanalarynyň daşynda ulag partlamalarynyň amala aşyrylandygyny habar berýärler. 28-nji maýda ýüze çykan bu wakalarda azyndan 10 adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy.

Polisiýa “Babylon” myhmanhanasynyň ulag duralgasynda içi partladyjyly ýene-de bir awtoulagy tapandygyny we ony zyýansyzlaşdyrandygyny mälim etdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda “Yslam döwleti” topary Bagdada garşy amala aşyrýan hüjümlerini ýaýbaňlatdy.

XS
SM
MD
LG