Sepleriň elýeterliligi

Olland, Merkel Putine çagyryş etdiler


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel rus prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip, ok atyşyklary bes etmek baradaky Minsk ylalaşygynyň şertlerini “gyssagly” berjaý etmäge çagyrdy.

Ýaraşyk ylalaşygynyň fewral aýynda baglaşylandygyna garamazdan, Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan orsýetparaz separatistler bilen Kiýewiň hökümet güýçleriniň arasynda çaknyşyklar ýüze çykýar.

Fransiýanyň prezident edarasynyň berýan maglumatyna görä, 29-njy maýda prezident Olland we kansler Merkel telefon arkaly Putin bilen söhbetdeş bolup, “anyk netijeleri görmek isleýändiklerini” mälim edipdirler.

XS
SM
MD
LG