Sepleriň elýeterliligi

‘Ýüpek ýoly’ esaslandyryjysyna höküm çykaryldy


'Ýüpek ýoly" web-saýtyndan satyn alnan serişdeleriň netijesinde alty adam ölüpdir.

'Ýüpek ýoly" web-saýtyndan satyn alnan serişdeleriň netijesinde alty adam ölüpdir.

Neşe söwdasyny edýän “Ýüpek ýoly” internet saýtynyň esaslandyryjysy Nýu-Ýorkuň sudy tarapyndan ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Sudýa Katherine Forrestiň beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän web-saýtdan satyn alnan serişdeleriň netijesinde alty adam ölüpdir.

Prokurorlar ömürlik türme tussaglygyny soramandylar. Emma sudýa Forrest bu ugurdan gitmek isleýänler üçin “agyr netijeleriň boljakdygyny” äşgär etmek maksady bilen bu hökümi çykarandygyny mälim etdi.

Prokurorlaryň çaklamalaryna görä, tussag 2011-2013-nji ýyllar aralygynda umumy bahasy 1,2 milliard dollarlyk geroini, kokaini, ekstazini we beýleki bikanun neşe serişdelerini satypdyr.

XS
SM
MD
LG