Sepleriň elýeterliligi

Bulujystanda polisiýa protesti dargatdy


Kwettada polisiýasy ýüzlerçe protestçini dargatdy.

Kwettada polisiýasy ýüzlerçe protestçini dargatdy.

Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň paýtagt şäheri Kwettada polisiýa ýüzlerçe protestçini dargatdy. Demonstrantlar hökümetiň ýeterlik howpsuzlygy üpjün etmeýändigini aýdyp, häkimiň edarasynyň öňünde ýygnanypdylar.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýan maglumatyna görä, bu protestden öň näbelli ýaragly adamlar awtobusyň içindäki 21 ýolagçyny atyp öldüripdirler.

Şaýatlar bu hüjümiň etniki maksatly amala aşyrylandygyny aýdýarlar. Howpsuzlyk gulluklarynyň lybasyna geýnen söweşijiler öldürmezinden ozal ýolagçylaryň şahsy resminamalaryny barlapdyrlar. Puştunlar öldürilip, buluçlar hem goýberilipdir.

Häzirlikçe hiç bir topar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

Bulujystada aşa dinçi söweşijiler we buluç separatistleri hereket edýärler.

XS
SM
MD
LG