Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili Odessanyň häkimi boldy


Saakaşwili fewral aýyndan bäri Ukrainanyň Reformalar boýunça halkara Geňeşliginiň başlygy bolup işleýärdi.

Saakaşwili fewral aýyndan bäri Ukrainanyň Reformalar boýunça halkara Geňeşliginiň başlygy bolup işleýärdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň günorta-günbataryndaky Odessa regionynyň häkimi hökmünde Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwilini belledi.

"Interfax" habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Poroşenko Saakaşwilä ukrain raýatlygyny berýän karara hem gol goýupdyr.

Bu beýanatdan ozal, Poroşenkonyň hökümeti Odessa regionynyň häkimi hökmünde Saakaşwilini bellemegi teklip edipdi.

2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň gündogaryndaky başlanan konfliktiň fonunda geçen ýyl Odessa şäherinde parahat ilatyň arasyndan uly ýitgiler bolupdy.

Ilaty 1 milliona golaý Odessa paýtagt Kiýewden 450 km uzaklykda ýerleşýär. Şeýle-de bu şäherden ençeme ýüz kilometr uzaklykda orsýetparaz separatistleri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar gidýär.

Saakaşwili rus prezidenti Wladimir Putiniň ýiti tankytçysydyr. 2003-nji ýylda Gürjüstanda bolan rewolýusiýadan soň häkimiýet başyna gelen Saakaşwili, ýurtda ençeme möhüm reformalary geçiripdi. Ol 2013-nji ýylyň noýabrynda prezidentlik wezipesinden gitdi.

Onuň ýerine gelen hökümet, Saakaşwilini galplykda, häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplady. Saakaşwili bu aýyplamalary inkär edýär.

Saakaşwili fewral aýyndan bäri Ukrainanyň Reformalar boýunça halkara Geňeşliginiň başlygy bolup işleýär.

Poroşenkonyň daşary ýurtlylary ýurduň möhüm wezipelerine bellemegi Ukrainada käbir nägileligi döretdi. Poroşenko muny “Ukrainanyň ýüzbe-ýüz bolýan adatdan daşary kynçylyklary” sebäpli “hökümetiň içinde täzeçe çözgütleri tapmak” tagallalary bilen düşündirdi.

XS
SM
MD
LG