Sepleriň elýeterliligi

Baýdeniň ogly ýogaldy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden) öz oglunyň beýnisindäki rak keseli sebäpli aradan çykandygyny mälim etdi.

46 ýaşly Beau Baýdeniň yzynda aýaly we iki çagasy galdy. Ol Delaweriň ozalky baş aklawçysy bolupdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama beýanat bilen çykyş edip, öz gynanjyny bildirdi. Obama: “Bu gün Mişel we men gam çekýäris” diýip, nygtady.

Wise-prezidentiň maşgalasynda ozal hem ýitgiler bolupdy. 1972-nji ýylda ABŞ-nyň Senatyna saýlawlary ýeňenden soň, Baýdeniň aýaly we üç çagasy ulag heläkçiligine uçrapdylar. Şol hadysada Baýdeniň maşgalasy Neilia we gyzy heläk boldy. Beau we Hunter ogullaryna bolsa şikes ýetdi.

XS
SM
MD
LG