Sepleriň elýeterliligi

Kremliň “gara sanawy” tankytlanýar


Kreml

Kreml

Ýewropa resmileri Moskwanyň Ýewropa Bileleşiginiň syýasatçylaryna Russiýa girmegini gadagan edýän “gara sanawyny” tankytladylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini çykyş edip, “Moskwa 89 adamyň ady görkezilen sanawy mälim etdi” diýip, belledi.

ÝB-niň Parlamentiniň prezidenti Martin Şulz “gara sanawyň” netijesinde “özara ynamsyzlyk has hem ýitileşýär” diýdi.

Berlin Moskwa ýüzlenip, gürrüňi gidýän adamlaryň näme sebäpden “gara sanawa” goşulandygy barada düşündiriş bermäge çagyrdy.

Adynyň tutulmagyny islemedik Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisiniň beren maglumatyna görä, Moskwanyň soňky “gara sanawy” Kremliň Krymy basyp almagyndan soň Russiýa garşy girizilen sanksiýalara jogap hökmünde düzülipdir.

Moskwanyň “gara sanawynda” Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri üçin prezident Wladimir Putini ýiti tankytlan ozalky we häzirki kanunçykaryjylar bar.

XS
SM
MD
LG