Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik kommandiriniň YD baglary derňelýär


Täjigistanyň OMON ýörite güýçleriniň ozalky kommandiri Gulmurod Khalimow
Täjigistanyň OMON ýörite güýçleriniň ozalky kommandiri Gulmurod Khalimow

Täjigistanyň resmileri ABŞ tarapyndan tälim berlen ýokary derejeli polisiýa resmisiniň Siriýadaky “Yslam döwleti” toparynyň hataryna goşulmagy bilen bagly derňewe başlandyklaryny mälim etdiler.

OMON ýörite güýçleriniň ozalky kommandiri Gulmurod Khalimow wideo arkaly çykyş edip, ABŞ-nyň geçiren türgenleşik programmalaryna üç gezek gatnaşandygyny aýdýar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Pooja Jhunjhunwala bu maglumaty tassyklap, CNN tele-korporasiýasyna maglumat berdi.

Ol: “2003-2014-nji ýyllar aralygynda polkownik Khalimow ABŞ-da we Täjigistanda geçirilen terrorçylyga garşy tälim beriş kurslarynyň bäşisine gatnaşdy” diýdi.

Wideo ýazgyda rusça gürleýän Khalimow tälim beriş kurslarynyň dowamynda gören zatlary sebäpli, ABŞ-a garşy çykandygyny aýdýar.

Ol: “Amerikan doňuzlary, bäri garaň: men Amerikada üç sapar boldum. Men siziň musulmanlary öldürmek üçin esgerleri nähili türgenleşdirýändigiňizi gördüm” diýýär.

Ol soňy bilen: “biz siziň öýleriňizi taparys, biz sizi öldüreris” diýip haýbat atýar.

Wideoda Khalimow mergen tüpeňi bilen 25 metr aralykdaky tomat gutusyny hem atyp urýar.

Täjigistanyň baş prokurory Manuçehr Makhmudzod Khalimowyň hereketleri bilen baglylykda derňewiň başladylandygyny mälim etdi.

Döwlet departamentinden Jhunjhunwala Khalimowyň we onuň toparynyň beýleki agzalarynyň türgenleşik programmalaryna täjik hökümeti tarapyndan hödürlenendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG