Sepleriň elýeterliligi

Sowalgasyny ene-atasyndan alan her bir kişi müň sany manysyz sowallary eşitmäge we olara jogap bermäge, şeýle-de her äden ädimi barada hasabat bermäge borçludyr...

Ene-atanyň puly

Uniwersitete okuwa başlan ýylymdan bäri maddy taýdan garaşsyz ýaşaýaryn.

Birinji kursda okaýarkam, makala ýazyp, az hem bolsa sowalga pul gazanyp, işleşmäge bir gazet tapynypdym. Gazanjym azdy, ýöne ýaşlykdan öz hasabyma tygşytly hem ýönekeý ýaşamagy öwrendim. Onsoňam, maşgalamyza agram salmak islemeýärdim.

Hatda kämahal, azajyk gazanjymdan biraz pul tygşytlap, oduk-buduk, ýeter-ýetmez zatlaryny alyp biler ýaly olara sowalgajyk hem berýärdim. Soň terjimelere başladym. Köp wagtlap iň azyndan şeýle terjimeçiniň bardygyndan habarly bolsunlar diýip, galamhaksyz terjimeler edýärdim. Makala ýazmak, terjime, redaktirlemek ýaly näme iş bolsa alyp, ýerine ýetirýärdim...

Maddy taýdan garaşsyz bolmaga şol döwürde öwrenişipdim. Şonda aslyýetinde munuň nähili peýdalydygyna düşündim. Şonda ýene bir zada ýagşy düşündim, ýagny gyz ýa-da oglan tapawudy ýok, diňe ýaşlykdan maddy taýdan garaşsyz bolan biri gowy ýaşap biler. Eger ýaşlaryň maddy garaşsyzlygy ýok bolsa, onda ene-atasynyň millionlarça puly bolsun ýa-da olar dünýäniň iň demokrat ene-atasy bolsun, many taýdan munuň ýaşlaryň durmuşyna peýdasy ýok ekeni.

Sowalgasyny ene-atasyndan alan kişi müň sany manysyz sowallary eşitmäge we olara jogap bermäge, şeýle-de her äden ädimi barada hasabat bermäge borçludyr. Iş saýlanda, işe girende, maşgala guranda, ýanýoldaşyny saýlanda, öz deregine ene-atasynyň saýlany bilen razylaşmalydyr. Şeýle bolanda, müňläp gep hem eşitmelidir.

Kämahal ýaşlar ene-atalaryndan zeýrenýärler: "Pylan wagt öýe gaty basym dolan diýdi. Pylan zady igenmän goýanok. Sowalga pul berenok, pylan-pismidan..." Aslynda ýaşlaryň esasy kynçylygy öz sowalgasyny gazanyp bilmeýänligidir. Sowalgasyny gazanyp bilse, maşgaladaky problemalaryň ýüzden togsan bölegi öz-özünden çözülýär.

Maddy taýdan garaşsyz bolan ýaşlar bolsa, ene-atalary her näçe konserwator bolsa-da, öz gazanýan puluna ýaşaýandygy üçin olardan garaşsyz ýagdaýda ýaşlygyny isleýşi ýaly geçirip bilýär.

Puluny, sowalgasyny özi gazanýan ýaşlar öz ýaşlygynyň eýesidir. Islese, restoranda-kafede oturar, islese dostlary bilen gezelenje çykar, islese daşary ýurtlara syýahat eder.

Mentalitet göz öňünde tutulanda, gyzlar üçin beýle ýagdaý gaty kynam bolsa, oglanlar arkaýyn garaşsyz ýaşap bilýärler. Islese başga öýde ýaşap bilýär, islese öýe giç gelip bilýär, islese gelmänem bilýär. "Ýene nirä gitdiň, kimiň ýanyndadyň, näme üçin onça pul sowduň, şu wagta çenli nirede boldyň?" ýaly sowallary eşitmäge we ol soraglara jogap bermäge mejbur bolmaz.

Arkaýyn öz okajak uniwersitetini, işini, durmuş gurjak ýanýoldaşyny saýlap biler. Şol bir öýde ýaşaýanam bolsa, öz sowalgasyny gazanyp, öz başyny çaraýan adama kimdir biri bir zat diýip bilermi? Oňa zeýrenip, nalap, töhmet atyp, iňirdäp bolarmy? Ýok.

Nädogry pikir etmäň. Islese öýe geler, islese gelmez diýmek, ýagny erkin durmuş diýmek, ýaşlaryň eden-etdilige baş urmagy diýmek däldir. Biziň ýaşlarymyz köplenç azatlygy hem erkinligi ahlaksyzlykdyr öýdüp ýalňyşýarlar.

Emma welin ýaşlykda her bir zadyň öz orny bar. Ýaşlar öz dostlary hem boýdaşlary bilen dynç alyp, gezip biler. Ýöne ýaşlar bularyňam edil bilim almak, karýera, özüňi kämilleşdirmek ýaly öz ýerli-ýerinde bolmalydygyny bilmelidirler. Haýsam bolsa bir ýerden eliňe pul düşen mahaly ene-ataňdan aýrylyp, eden-etdilik etmek, okuwy hem işi taşlamak, azatlyk däl, eýse geleňsizlikdir.

Käbir ýaşlar, entek bir işi ýa-da gazanjy bolmazdan, derrew durmuş gurýarlar. Owal öz çagasyny ekläp gelýän ene-atalar ondan soň gelni hem eklemeli we oňa-da geýim almaly bolýarlar. Şonuň üçinem ene-atalar şeýle ýaş çatynjalaryň durmuşyny, gündelik etjek işlerini, planlaryny, hereketlerini, kimler bilen oturyp-turuşjagyny kesgitleýärler.

Bolýan jaýy we aşhanasy hem bir ýerde bolansoň gep-gybatlar, düşünişmezlikler, närazyçylyklar, töhmetler hem köpelýär. Ýaş çatynjalar şonda nirä gitjegini, näme etjegini bilip bilenoklar. Soňra bu düşünişmezligiň ady – gaýynene bilen gelin ýa-da gaýynata bilen gelin [arasyndaky] dawa bolýar.

Şeýle adamlar bir öýde ýaşaýanam bolsalar, ýaş çatynjalar öz güzerany üçin gerekli puly gazanyp bilseler, onda ene-atalar bilen arada hiç hili problema bolmaz. Elbetde, maddy taýdan garaşsyz bolsa-da-bolmasa-da, öz çagasyny ýa-da gelnini diwara gabaýan, olara azar berýän ene-atalar hem köpdür.

Emma käbir maşgalalaryň problemasynyň düýp sebäbi ýaşlaryň maddy taýdan garaşly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Işlemek zulum däl. Diňe biraz köpräk azap çekersiň wessalam. Ýöne şol biraz köpräk çekiljek azap adama uly üstünlik gazandyrýar we ony azat ýagdaýa getirýär. "Tikensiz gül bolmaz" diýlipdir.

Öz durmuşyň eýesi bolýarsyň. Iňirdilerden, gep-gybatlardan, töhmetlerden dynýarsyň. Elbetde, iş tapmak, iş tapanyňdan soň aýlygyňy wagtynda alyp bilmek, umuman, ony alyp bilmegem özbaşyna uly bir kynçylykdyr. Ýöne höwesi, islegi bolan adam, işlemek, azat-erkin bolmak isleýän adam eýdip-beýdip munuň bir ýoluny hem alajyny tapýandyr. Galan zatlar bahanadyr...

- Makaladaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG